Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan bölegine degişli ýene bir talap güýje girizildi

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri raýatlardan awtoulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan bölegine degişli ýene bir täze çäklendiriji-düzgüni talap edip başladylar.


Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu düzgüne laýyklykda awtoulagyň döwlet belgisiniň oturdylýan ýeriniň ýokarky we aşaky böleklerindäki gara reňkli gözenekleri ulagyň reňkine boýamak talap edilýär.


"Bu gözenekler ulaglar zawod öndürijisi tarapyndan goýberilende gara reňkde bolýar. Köçelerdäki polisiýa işgärleri häzir ulag haýsy reňkde bolsa, olary şol reňke boýamagy talap edýärler. Ony reňklemek işi sürüjilere 1500-1600 manada düşýär" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.




Habarçy bu düzgüniň şu hepdäniň duşenbe gününden talap edilip başlandygyny we onuň berjaý edilmegini soraýan polisiýa işgärlerini şäheriň şa ýollarynda, şol sanda Atamyrat Niýazow we Görogly köçelerinde görse bolýandygyny hem belledi.


Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda PÝGG-niň işgärleri sürüjileri bu täze talap barada duýdurmak bilen çäklenýärler we ony "ýakyn wagtda" berjaý etmedik sürüjilere jerime salnyp başlanjakdygyny aýdýarlar.


"Polisiýa işgärleri ulaglaryň bu böleginiň takyk haçana çenli boýalmalydygy barada hiç zat aýtmaýarlar. Ýöne olar bilen dawa edip, bu barada kanunyň ýa-da kararyň niresinde ýazylandygyny görkezmegi talap edýän sürüjileriň ulaglaryny Çoganlydaky "jerime duralgasyna" äkidýärler. Sürüjilere awtoulagyň daşky görnüşiniň talaba laýyk däldigi aýdylyp, 100 manat jerime salynýar we olardan muny düzetjekdikleri barada dil haty alynýar" diýip, habarçy belledi.


Habarçy dilden edilýän bu talap barada şäheriň polisiýa bölüminde we Çoganlydaky Aşgabat ýol gözegçilik müdirliginde hiç hili resmi bildirişiň ýa-da düşündirişiň ýokdugyny hem aýtdy.


Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, paýtagtyň polisiýa bölüminden we Çoganlydaky Aşgabat ýol gözegçilik müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.




Soňky 10 ýyl çemesi wagtyň dowamynda Türkmenistanda raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly onlarça çäklendirme we gadagançylyk girizildi. Bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň käbiri ýörite görkezme esasynda güýje girizilen bolsa, aglabasy dil üsti bilen talap edildi.


Ýurtda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň gara we garamtyl reňklerde bolmagy gadagan edilip, olaryň ak, çal ýa-da açyk reňklere boýalmalydygy baradaky talap bu çäklendirmeleriň iň esasylarynyň biridir.


Azatlygyň aşgabatly habarçysy mundan öň ak reňkdäki ulag eýelerinden zawoddan çykanda goýlan, awtoulaglaryň öň we yz tarapyndaky gara bamperleri ak reňke boýamagyň talap edilendigini hem aýtdy.


"Bu talapdan soň, ulaglaryň gara bamperleriniň ak reňke boýalandygyny görse bolýar" diýip, ol belledi.


Şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda Aşgabadyň ýol polisiýasy sürüjilerden ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan "diod lampaly" çyralaryny öçürmegi ýa-da düýbünden aýyrmagy talap edýändigi mälim boldy​.


Türkmen häkimiýetleri ilatyň hususy awtoulaglaryna degişli girizilýän gadagançylyklar barada aç-açan çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda-da mesele gozgalmaýar.

 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus