Gresiýanyň Tripolis şäherinde polisiýa gullugy Täjigistanyň 27 ýaşly graždanyny saklady. Oňa garşy «Yslam döwleti» toparynyň agzasy bolmakda şübhe bildirilýär. Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ol Interpolyň «gyzyl duýduryşy» esasynda saklanypdyr.
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna mälim bolşuna görä, ol saklanan oppozisiýadaky Täjigistanyň ösüşi hem reformasy Hereketiniň lideri Şarofiddin Gadoýewiň giýewi ýa-da aýal doganynyň adamsy bolmaly.
Tripolis şäheriniň polisiýa edarasynyň The National Herald neşirine mälim etmegine görä, saklanan täjik graždany dört çaganyň atasy bolmaly, ol 2017-nji ýylda Gresiýa legal däl ýagdaýda gelipdir. Özüni «täjik oppozisiýasynyň giýewi» hökmünde tanadypdyr hem syýasy maksatlar sebäpli yzarlanýandygy üçin, Täjigistany mejbury ýagdaýda taşlap çykmaly bolandygyny aýdypdyr. Ol ýaşamaga wagtlaýyn başpena alandan soň, Tripolis şäherinde haýsydyr bir hökümete degişli däl guramanyň jaýynda kireýine ýaşap başlapdyr.
Tussag edileniň maşgalasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, adamsy hiç haçan barlyşyksyz toparlar, üstesine-de terroristik topar bolan «yslam döwleti» bilen aragatnaşyk saklamandyr. «Golaýda biziň çagamyz boldy. Oňa dogluş şahadatnamasyny almak üçin, polisiýa bölümine gitdik. Ol ýerde meniň adamymy sakladylar. Onuň Täjigistanyň talaby bilen Interpol ulgamy arkaly gözlegde durýandygyny aýtdylar. Biz iň bir sada durmuşda ýaşaýarys, biziň hiç birimiz syýasat bilen iş salşamyzok» diýip, ol gelin aýdýar. Onuň sözüne görä, bularyň maşgalasyna, şeýle hem garyndaşlaryna, oppozisiýadaky Şarofiddin Gadoýewe hökümetler tarapyndan basyş bolandan soň, 2015-nji ýylda Täjigistany terk edipdirler.
Şarofiddin Gadoýew «Topar 24» birleşigini Umarali Kuwwatow bilen birlikde döredipdi (soňra ol Türkiýede öldürildi). Ol 2010-njy ýylda Täjigistandan gaçyp çykmaly bolupdy. Kuwwatow hem ol ýurdy dolandyrýan gatlagyň öz ellerindäki biznesi alýandyklaryny tankyt edipdiler. Emigrasiýa çykanyndan soň Täjigistanyň ösüşi hem reformasy Hereketi guramasyny döretdi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda bolsa oppozisiýadaky güýçleriň birleşigi bolan Milli alýansy esaslandyranlaryň biri boldy. Ol Täjigistanda gadagan edilen Yslam täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiriniň orunbasary boldy.
Ýatlatsak, 2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Gadoýewiň meýletin ýagdaýda ýurda dolanyp gelendigini mälim etdi. Ýöne oppozisiýa wekilleri hem-de halkara ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar, meselem, Human Rights Watch, 14-nji fewralda Moskwa şäher häkimiýetleri tarapyndan tutulyp, soňra zorluk ulanylyp, «Somon Air» awiakompaniýasynyň 1223 reýsi bilen Duşenbä ugradylandygyny aýtdylar. Iki hepde geçenden soň, Täjigistan hökümeti oppozisiýa wekilini azatlyga çykardy. Şarofiddin Gadoýew Duşenbe şäherinden, «Somon Air» awiakompaniýasynyň uçary arkaly 2-nji martda ir ertir Germaniýanyň Frankfurt şäherine gelipdi.
Gresiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň bellemegine görä, Gresiýanyň Içeri işler ministrligi ol saklanan täjigistanly barada informasiýa almak üçin, Täjigistanyň hökümetleri bilen eýýäm habarlaşypdyr.
Täjik oppozisiýasy hem-de daşary ýurtlardaky liderler ol saklananyň «yslam döwleti» topary bilen baglanyşygy barada häzirlikçe kommentariýa bermediler.
Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.