12-nji noýabrda irden günorta Owganystanyň Helmand welaýatynda AÝ/AR-yň bir žurnalisti ulagyna goýlan bombanyň partlamagy netijesinde heläk boldy.
Welaýat häkiminiň metbugat sekretary Omar Zwak AÝ/AR-a beren interwýusynda žurnalist Elýas Daýiniň welaýat paýtagty Laşkar Gahda öldürilendigini aýtdy. Ýene üç adam, Daýiniň dogany, başga bir adam we bir çaga hüjümde ýaralandy diýip, Zwek aýtdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim bada-bat öz üstüne almady.
Daýi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Radio Azadi" diýlip bilinýän Radio Azat Owganystan gullugynda işleýärdi. "Radio Azadiniň" býuro başlygy Twitterde öz kärdeşiniň “terror hüjüminde” ölendigini aýtdy.
Owgan prezidentiniň metbugat sekretary Syddyk Syddyky Daýiniň “janyna kast edilmegini” ýazgardy hem-de muny “Owganystanda pikir we media azatlygynyň duşmanlarynyň” edendigini aýtdy.
Hökümet we “Talyban” Owganystanda onlarça ýyl dowam eden urşy bes etmek üçin Katarda gepleşik geçirýän wagty ýurt boýunça zorluk artdy. Sentýabr aýynda başlanana gepleşiklerde heniz möhüm öňegidişlik gazanylmady.