Öňki bendi: Lebabyň türmesindäki ‘agyr şertlerde’ tussaglaryň arasynda AIW, AIDS we gepatit keselleri ýaýraýar
Lebapdaky LBK/12 türme koloniýasynda bendileriň arasynda AIW, AIDS we gepatit keselleri ýaýraýar we muňa bu ýerdäki agyr şertler, şeýle-de erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyklar sebäp bolýar diýip, ýakynda bu ýerden boşadyln öňki tussag Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Anonimlik şertinde gürrüň beren söhbetdeşimiziň aýdanlaryny Azatlygyň Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmesi hem tassyklady. “Bu türmede ýurduň Jenaýat kodeksiniň 133-nji we 116-njy maddalary esasynda günäli tapylan bendiler üçin aýratyn barak bar. Читать дальше...