Geçen aý Pakistanda küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian zenany Asia Bibi ýurdy terk etmek we Germaniýadan oturym almak isleýär diýip, onuň aklawçysy aýdýar.
Saiful Malook 11-nji noýabrda german gazetinde çap edilen düşündirişlerinde “Bibi maşgalasy bilen Germaniýa baryp bilse, howşwagt bolardy” diýdi.
Germaniýa Bibini we onuň maşgalasyny kabul etmäge açykdygyny aýdan birnäçe ýewropa ýurdunyň biri bolup durýar. Gazet german daşary işler edarasayna salgylanyp, olaryň pakistan häkimiýetleri bilen geňeşýändiklerini, emma başga zat aýtmandyklaryny habar berdi.
Bibi Pakistanyň Ýokary sudy tarapyndan aklanmazyndan öň, hamala Muhammet pygamberi masgaralandygy üçin, sekiz ýyl türmede oturdy.