Waşingtondaky rus ilçihanasy Moskwa garşy girizilýän täze sanksiýalary “ýowuzlykda” ýazgardy, bu gadaganlyk ozalky rus içalysynyň Angliýada harby nerw-agenti bilen zäherlenmegi barada aýdylýanlar bilen bagly.
Ilçihananyň 8-nji awgustdaky beýanatynda ozalky rus harby aňtaw ofiseri Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýulianyň zäherlenendigi barada aýdylýanlar “toslama” diýilýär we ne Waşingtonyň, ne-de britan hökümetiniň bu aýdylýanlary tassyklaýan subutnama görkezip bilendigi öňe sürülýär.
Waşingtonyň beýanatynda bu subutnamanyň “gizlindigi” aýdylýar, emma ol ilçihana martda Angliýanyň Salisbury şäherinde bolan hadysa boýunça özünde “Orsýeti aýyplamak üçin ýeterlik aňtaw maglumatynyň bardygyny” aýtdy.
Ilçihana Orsýetiň Skripal meselesindäki pozisiýasyny ABŞ-nyň Döwlet departamentine iberilen hatda görkezendigini, şol sanda Salisburide bolan jenaýat boýunça, günäkärleri ýüze çykarmak üçin,açyk we aýdyň derňew geçirilmegine çagyrandygyny aýtdy.