Orsýetiň Sibir regionynda, Zabaýkaliýada ýerleşýän zähmet-düzediş lagerinde, türme sakçylarynyň tussaglary gynamakda aýyplanan ýerinde iki sany tussag öli tapyldy.
Federal Penitensiar gullugy iki tussagyň jesediniň 7-nji awgustda, Çita şäherindäki 5-nji düzediş koloniýasynda tapylandygyny, olaryň bedenlerinde zorluk yzlarynyň bardygyny aýtdy.
Soňky günlerde bu türmede gözegçileriň we beýleki tussaglaryň özlerini urup-ýenjip gynaýandygy, elektrik toguna tutýandygy barada üç tussag şikaýat etdi.
Bu gürrüňler azyndan 17 türme gözegçisiniň Ýaroslawl şäherindäki türmede bir tussagy üýşüp urup-ýenjişlerini görkezýän wideo ile ýaýrandan soň edilýär.
Ýerli sud geçen aý Ýaroslawlyň 1-nji düzediş koloniýasynda Ýewgeniý Makarowyň urlup-ýenjilmegi bilen baglylykda 11 sany türme gözegçisiniň tussag edilmegini, ýene bir türme gözegçisiniň bolsa öý tussagy edilmegini buýurdy.