29-njy noýabr güni irden Gürjüstanyň howpsuzlyk güýçleri Tbiliside parlament binasynyň daşyndaky demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulanyp, birnäçe adama, şol sanda AÝ/AR-nyň we beýleki neşirleriň žurnalistlerine hüjüm etdiler.
Premýer-ministr Irakli Kobahidze bir gün ozal öz hökümetiniň Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerini 2028-nji ýyla çenli togtadýandygyny we Brýusseliň býujet grantlaryny kabul etmejekdigini mälim edeninden soň, gahar-gazap bildirmek üçin ýygnanan müňlerçe adam parlamentiň öz howpsuzlyk derejesini iň ýokary derejä, gyzyla çykarmagyna alyp geldi.
Içeri işler ministrligi "bikanun we gazaply çäreleriň netijesinde" diýip häsiýetlendiren wakalarynda 43 adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan bäri, "Gürjüstan arzuwy" partiýasynyň 54% ses almagy bilen, Gürjüstan tolgunyşyklara gaplandy. Oppozisiýa agzalary we günbatar hökümetleri bu ses berişlige, Russiýanyň täsiri sebäpli, düzgün bozulmalarynyň kölege salandygyny aýtdylar.
Ýewropa Bileleşigine tarapdar şuňa meňzeş protestler Batumi, Gori, Kutaisi we Zugdini ýaly şäherlerinde hem geçirildi.
29-njy noýabr güni irden, basyp ýatyrmalaryň dowam etmegi bilen, pitnä garşy polisiýa parahatçylykly demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy, maskaly polisiýa rezin oklaryny atyp, demonstrantlara we žurnalistlere rehimsiz darady.
Azatlyk Radiosynyň Gürjüstan gullugynyň žurnalisti Dawit Tsagereli wakalaryň jümmüşinden habar berip duran mahaly, pitnä garşy polisiýa işgäri oňa ýumruk çaldy we ýere gaçyrdy. Mundan öň, Azatlyk Radiosy polisiýa ofiseriniň “TW Formula” neşiriniň žurnalistini gaýta-gaýta urup duran pursatlaryny ýazga alypdy.
Žurnalist ýere ýykylandan soň, ofiser bu ýeri terk etdi. Žurnalist kellesine we ýüzüne düşen şikesler sebäpli, keselhana ýerleşdirildi.
Häkimiýet başyndaky “Gürjüstan Arzuwy” partiýasynyň ýiti tankytçysy prezident Salome Zurabişwili 28-nji noýabrda, demonstrantlara bolan goldawyny äşgär etmek üçin, Tbilisidäki protest çärelerine goşuldy.
“Men şu adamlar bilen. Garşy duruş başlady we ol täze saýlawlar geçirilmeýänçä bes etmez” diýip, ol žurnalistlere aýtdy.
Mundan başga-da, Zurabişwili pitnä garşy polisiýa bilen dikleşip, Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny “goramagyň olaryň borjudygyny” aýtdy, şeýle-de olaryň “Russiýa ýa Gürjüstana gulluk edýändigi” bilen gyzyklandy.
Zugdididäki demonstrantlaryň Azatlyk Radiosynyň Gürjüstan gullugyna aýtmagyna görä, häkimiýet başyndaky “Gürjüstan Arzuwy” partiýasy ýurdy ÝB-den yza çetleşdirip, has köp Russiýa tarap iterýär.
“Gürjüstanyň resmileri Ýewropa Bileleşigi bilen ähli gatnaşyklaryny kesýärler we maliýe almakdan ýüz öwürýärler. Bu hökmany ýagdaýda ykdysady çökgünlige getirer” diýip, mugallyma Manana Mikawa Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Mundan öň, Ýewropa Parlamenti Gürjüstanda ýerine ýetiriji ulgamda täze saýlawlaryň geçirilmelidigi barada rezolýusiýany kabul etdi. Onda “Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň ýokary derejeli agzalaryna garşy sanksiýalar hem göz öňünde tutulan.
Rezolýusiýada geçirilen saýlaw netijeleriniň “Gürjüstanyň halkynyň islegine ygtybarly wekilçilik etmändigi” bellenilýär.
Rezolýusiýa Ýewropa Bileleşigine Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň ýokary derejeli agzalaryna, şol sanda Kobahidze, partiýanyň başlygy Irakli Garibaşwilä, şeýle-de partiýanyň esaslandyryjysy, milliarder Bidzina Iwanişwilä we Tbilisiniň häkimi Kakha Kaladze garşy gadagançylyklaryň girizilmegine çagyrýar. Ýatlatsak, geçen aý Ýewropa Bileleşigi Gürjüstanyň agzalyk arzasyny doňdurypdy.
Kobahidze “Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň baş binasynda eden çykyşynda Tbilisiniň 2028-nji ýyla çenli ÝB agza bolmak gepleşiklerini togtadýandygyny we ondan alýan ähli maliýe grantlaryny bes edýändigini aýtdy.
Mundan öňki eden çykyşynda, ol hökümetiň Gürjüstany 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň düzümine goşmagy maksat edinýändigini aýdypdy.
Gürjüstana Ýewropa Bileleşigine agza bolmak statusy 2023-nji ýylyň dekabrynda berildi. Emma soňky aýlarda Tbilisiniň Brýussel bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdy. Bu dawaly “daşary ýurt agentleri” baradaky kanunyň kabul edilmegi bilen başlandy. Tankytçylar munuň müňlerçe media serişdelerini we raýat jemgyýetlerini, hamala, daşary güýçlere “hyzmat edýän” hökmünde tagmalajakdygyny aýdýarlar.
Iýulda Birleşen Ştatlar Gürjüstanyň hökümetiniň demokratiýany yza tesdirýändigini aýdyp, oňa niýetlenen 95 million dollarlyk hemaýatyny duruzýandygyny mälim etdi.