Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlaryna görülýän taýýarlygyň arasynda öýsüz haýwanlar öldürilip başlandy diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Şol bir wagtda, haýwan hukuklaryny goraýjylar bu kampaniýalaryň dowamynda, adat bolşy ýaly, häkimiýetler tarapyndan esassyz sorag çekilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Türkmenabatda 25-nji noýabrda şeýle çärelere badalga berlip, eýýäm şondan bir gün soňra şäheriň etrapçalarynda ellerinde armatur göterip, it-pişik gözleýän adamlar peýda bolupdyr.
Şäheriň Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümlerindäki we polisiýa edaralaryndaky çeşmeler zorluk kampaniýalarynyň ‘ýokardan’ görkezme esasynda ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar.
“Başlyk 25-nji noýabrda öýsüz it-pişikleri öldürmek üçin, her bir komunal edaradan birnäçe işgäriň zerur bolandygyny aýtdy” diýip, Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümindäki çeşme aýdýar.
“Baýramçylyklara taýýarlyk görmek barada welaýat häkimliginden degişli buýruklar gelip gowşupdyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanda baýramçylyk günlerine taýýarlyk çäreleri öýsüz-haýwanlara garşy ýowuz kampaniýalara girişilmegini aňladyp bilýär.
“Komunal işçiler etrapçalardaky zibil çeleklerine iýmit gözläp gelýän it-pişikleri wagşylyk bilen ýenjip başladylar. Biziň golaýymyzdaky çelekleriň ýanynda bir pişigi öldürip, onuň maslygyny torba okladylar” diýip, Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Beýleki bir ýaşaýjynyň 27-nji noýabrda şäheriň Şabende köçesinde şaýat bolan wakasy hem ykmanda haýwanlara garşy girişilýän hüjümlerdäki ýowuzlykdan habar berýär.
“Men irden Ped. institutyň ýanyndaky çörek dükanyna çörek almaga barýardym. Ýoluň ugrunda duran zibil çelekleriniň ýanynda iki sany erkek adam iki sany iti ýenjip öldürdi. Men olara gygyryp başladym, kamera surata aldym, polisiýa jaň etdim” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Ýöne polisiýanyň beren jogaby ýerli ýaşaýjyny has-da geň galdyrýar.
“Biz ol adamlary saklap bilmeris, sebäbi olara ýokardan buýruk berilýär” diýip, polisiýa işgäri şaýadyň telefon jaňyna jogap berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy it-pişiklere garşy girişilýän kampaniýalaryň çäklerinde sebitde haýwan hukuklarynyň goragçylarynyň hem häkimiýetlerden tarapyndan soraga çekilýändigini aýdýar.
“Lebap welaýatyndaky “Ynamly we söýgüli adajyk” atly ýeke-täk penahana bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlar soraga çekilip başlandy” diýip, içeri işleri edaralaryndaky çeşme aýdýar.
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Bitaraplyk baýramy, 1-nji ýanwarda bolsa, Täze ýyl baýramçylygy bellenip geçiler.
“Elmydama baýramçylygyň öňüsyrasynda öýsüz jandarlary öldürmek kampaniýasy başlanýar. MHM-niň elinde haýwan hukuklaryny goraýjylaryň hasabaty bar ýaly, sebäbi her gezek şol adamlar polisiýa tarapyndan soraga çekilip, olaryň telefonlary, elektron poçtalary we ş.m zatlary barlanýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmen metbugaty ýakyn wagtda baýramçylyk dabaralaryna başlanylýandygyny habar berýär. Ýurduň baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar diýip, ýerli metbugat ýazýar.
Ýöne döwlet media serişdeleri, elektron neşirler gündogar welaýatda ykmanda itleriň we pişikleriň öldürilmegi barada habar bermeýär.
Türkmenistanda ýyllarboýy ykmanda haýwanlara garşy ýowuz kampaniýalar alnyp barylýar.
Ýogsa, bu ýurduň paýtagtynda alabaý itine bagyşlanyp, ýörite heýkel oturdyldy. Şeýle-de, oktýabr aýynda alabaý itiniň ýörite baýramy bellenip geçilýär. Türkmenistanda itşynaslar, atşynaslar ýörite atlar, döwlet baýraklary bilen sylaglanýar. Muňa garamazdan, bu ýurtda ykmanda haýwanlar ýowuzlyk bilen ýol üstünde ezilip bilinýär.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.