Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о вовлечении индустриальных компаний в процесс подготовки кадров

Собянин: москвичи выберут лучший строительный проект прошлого года

ТГУ получит 300 млн руб на создание платформы для поиска взрывчатки

В Москве водителям напомнили о «весеннем» штрафе

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar

Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar

Öz çäginde COVID-19-yň ýeke hadysasyny-da hasaba almadyk Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde lukmanlar koronawirusyň nobatdaky tolkunyna aladaly garaşýarlar. Şeýle-de, aşgabatly lukmanlar wirusyň täze tolkunynda ýurduň öňünde medisina işgärleriniň ýetmezçiliginiň keserip durjakdygyny duýdurýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji oktýabrda paýtagtdan habar berdi.

"Häzirki wagtda wirus bilen keselleýänleriň sany köp bolmasa-da, birneme azalýar. Ýöne muňa garamazdan, şäheriň ýokanç keselleri hassahanasy näsaglardan doly. Kimdir biri sagalýar, köp adam ölýär. Lukmanlar gyş paslynyň gelmegi bilen, wirus näsaglarynyň gaýtadan köpelmegine we onuň täze tolkunyna alada bilen garaşýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir lukman 25-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ne geçen ýylyň tomsunda bolan birinji, ne gyşdaky ikinji we ne-de bu ýylyň tomsunda bolan üçünji tolkunyny resmi taýdan ykrar etdi. Ýöne Azatlyk ýurtdaky wirus wakalary barada yzygiderli habar berip gelýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlaryň birnäçesi wirusyň täze tolkunynda ýurduň saglyk pudagynyň medisina işgärleriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem duýdurýar.

"Wirusyň mundan ozalky tolkunlarynda medisina işgärleriniň aýlyklary we olaryň artykmaç işlän sagatlary üçin tölegler kadaly tölenmedi. Häzir olaryň köpüsi işden çykdy ýa-da çykmagyny dowam etdirýär" diýip, lukman aýtdy.

Türkmen hökümeti COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde “raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga” gatnaşýan medisina işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap goşmaça 15% hak tölemek wadasyny beripdi. Ýöne medisina işgärleri resmileriň wadasynda tapylmaýandygyny ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdiler.

Şeýle-de, olar hassahanalarda 14 günläp karantine girip işleýän saglyk işgärlerine döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýändigini, olaryň öz hasaplaryna naharlanmaly bolýandygyny hem aýdypdylar.

Galyberse-de, ýurduň dürli künjegindäki saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň adatdakysyndan has az berilmegi bilen bagly hem habarçylarymyz birnäçe gezek habar berdiler.

Aşgabatly lukmanyň sözlerine görä, häzirki wagtda köp medisina işgäri, pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary gaýtadan dikeldilse, başga ýurtlara göçüp gitmegi planlaşdyrýar. Muňa aýlyklaryň öz wagtynda doly berilmezligi, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, gytçylyk we gymmatçylyk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha kynlaşmagy sebäp bolýar.

Galyberse-de, aşgabatly lukman awgust we sentýabr aýlarynda wirus ýokuşanlaryň sanynyň has ýokary derejä ýetendigini aýdyp, munuň sebäplerini koronawirus ýokuşan medisina işgärlerine saglyk ýagdaýy sebäpli iş rugsadynyň berilmezligi bilen baglanyşdyrdy.

"Wirus ýokuşan medisina işgärlerine "gidiň işläň ýa-da işden çykyň" diýdiler. Olaryň köpüsi eklenç çeşmesini ýitirmekden gorkup, syrkaw halda işledi we şeýdip, aradan çykdy. Şol bir wagtyň özünde, olar başgalara-da wirus ýokuşdyrdylar" diýip, lukman belledi.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanda koronawirusyň gyş tolkunyna diňe Aşgabatda däl, eýse Lebap welaýatynda hem aladaly taýýarlanylýar.

“Lebapda COVID-19-yň gyşky tolkunyna taýýarlyk görmek maslahatlaşylýar, ýöne oňa nädip taýýarlanylmalydygy baradaky soragy çözüp bilýän ýok, serişde-de ýok” diýip, ýerli çeşme 22-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmen hökümeti üýşmeleňleri gadagan edip, maska režimi, hereket çäklendirmeleri, petiklemeler ýaly dürli karantin düzgünlerini güýje girizse-de, ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny tutanýerlilik bilen inkär edýär.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Транспортные полицейские Белорусского вокзала продолжают мероприятия по профилактике травматизма

Маршруты МЦД продлят до 11 регионов России

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о вовлечении индустриальных компаний в процесс подготовки кадров

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге: Переход на единые  стандарты сделает образование более практикоориентированным

Музыкальные новости

В России назвали топ самых благополучных регионов по итогам 2023 года

Архитектурные доминанты округов Москвы

Тема дня: Путин поручил комиссии по НТР представить перечень приоритетных направлений

Финал всероссийского студенческого трека Олимпиады Кружкового движения НТО «Летающая робототехника» 2024

Новости России

Тарханов оценил вероятность победы «Динамо» над «Ростовом»

Контроль эмоций, выдержка и спокойствие: как работают операторы службы 112

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о подготовке студентов Якутии в области информационных технологий

И. о. главы Минздрава Иркутской области Модестов: всегда будем помнить о теракте

Экология в России и мире

Jean Paul Gaultier весна-лето 2024

Несмотря на милое личико: ведущие свердловские наркологи рассказали о женском алкоголизме

Консультации, Составление Договоров, Присутствие Продюсера при заключении договоров и переговорах. Лекции. Переговоры. Встречи и Обсуждения.

Я – фартовая! Слушательница ENERGY отправилась в Мексику на выступление Джареда Лето

Спорт в России и мире

Александрова обыграла первую ракетку мира на турнире WTA

Российская теннисистка Калинская покинула WTA-1000 из-за проблем со здоровьем

Теннисистка Касаткина отреагировала на высказывания Винер о россиянах

Виктория Азаренко вышла в полуфинал турнира WTA-1000 в Майами

Moscow.media

Utrace выходит на рынок цифровой маркировки консервной продукции

Российская компания ЭНКОСТ выходит на рынок Казахстана

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Сегодня свой 75-летний юбилей отмечает Заслуженный спасатель Российской Федерации, Спасатель международного класса - Зиявдин Никомагомедов!











Топ новостей на этот час

Rss.plus






У стихийного мемориала у «Крокуса» началась панихида

ТГУ получит 300 млн руб на создание платформы для поиска взрывчатки

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о вовлечении индустриальных компаний в процесс подготовки кадров

Свыше 400 спортсменов примут участие во всероссийских соревнованиях по синхронному плаванию в Чехове