Tussaglykda ýogalan adam hukuklary aktiwisti Azymjan Askarowyň jesedi onuň aýalyna berildi.
Askarowyň garyndaşlary merhumyň jesediniň ilki Oşa, soňra bolsa Özbegistanyň Daşkent sebitine äkidiljekdigini aýtdylar.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistiň aýaly Hatyja Askarowa mundan öň Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Azymjan Askarowyň ömrüniň ahyryna çenli adalatyň dabaralanjakdygyna we türmeden boşadyljakdygyna ynanandygyny aýtdy.
Azymjan Askarow ýogalan ýagdaýynda çagalarynyň boljak ýerinde jaýlanmagyny wesýet etdi. Olar häzir Özbegistanda ýaşaýarlar.
69 ýaşyndaky Azymjan Askarow, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen adam hukuklaryny goraýjy 25-nji iýulda Gyrgyzystanyň 47-nji düzediş edarasynda aradan çykdy.
Askarow türmede ýogalandan soň, birnäçe halkara guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini tankytlady we onuň ölümi boýunça derňew geçirmäge çagyrdy.
Azymjan Askarow Jelalabad sebitiniň Bazar-Korgon etrabynda ýaşaýardy we adam hukuklary bilen meşgullandy.
Ol 2010-njy ýylyň iýun wakasyndan soň, bidüzgünçilikleri guramakda we polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilip tussag edildi. Ol sud häkimiýetleriniň ähli derejesinde ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.
BMG-niň Adam hukuklary geňeşi 2016-njy ýylda Askarow meselesi babatynda öz çykaran netijesini mälim etdi. Onda Azymjan Askarowyň tussaglykda saklananda gynalandygy, şeýle hem lukmançylyk kömeginden we bitarap sud edilmek hukugyndan mahrum bolandygy bellenilýär.