Советский фонд мира избрал нового президента

Собянин: «Московская техническая школа» запустила новое направление обучения

ФОК планируют построить в Косино-Ухтомском

АТОР: россияне могут поехать без загранпаспорта в шесть стран

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

BSG-niň wekillerine Türkmenabadyň keselhanalary görkezildi, Aşgabatda öýken çeşmesi köpelýär

BSG-niň wekillerine Türkmenabadyň keselhanalary görkezildi, Aşgabatda öýken çeşmesi köpelýär

BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasynyň Türkmenistana sapar edýän wekilleri Türkmenabadyň hassahanalaryna baryp gördüler. Emma ýerli habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, daşary ýurt wekileri diňe ýerli häkimiýetleriň we saglyk işgärleriniň görkezen ýerlerini görüp bilipdir.

8-nji iýulda BSG-niň wekiliýetleri Türkmenabadyň täze köpugurly klinikasyna, şeýle hem şäher ýokanç keseller hassahanasyna barypdyr. Azatlygyň çeşmelere görä, bu saglyk edaralarynda pnewmoniýa we COVID-19 bilen kesellän näsaglar daşary ýurt wekillerine görkezilmändir.

"Köp ugurly klinikada ähli reanimasiýa hassalar adaty palatalara geçirildi, BSG esasan reanimasiýany barlady. Olar köpugurly keselhanadan çykanlaryndan soň näsaglary ýene reanimasiýa bölümine geçirdiler. Şeýle hem rentgen kabinetiň öňünde uly nobat bardy, ony hem öňünden ýok etdiler we rentgen kabineti bölekleýin ýapdylar" diýip, çäşmämiz aýtdy.

Habarçylarymyza görä, BSG-niň wekilleriniň Türkmenabadyň keselhanalaryna barmagyndan ozal, şol ýerde ýatan hassalaryň sanyny hem azaltmak boýunça çäreler görülipdir.

 

"BSG-niň sapar eden ähli ýerlerinde mümkin boldugyça az hassany görkezmäge synanyşýarlar. Sapardan iki gün öň köpugurly keselhanada hassalary kabul etmegi bes etdiler we diňe aşa agyr hassalar kabul edildi" diýip, Azatlgyň ýerli habarçysy 9-njy iýulda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, hassalaryň bir herden başgasyna geçirilmegi şäheriň beýleki keselhanalarynda hem bolupdyr: "Günüň ikinji ýarymda BSG-niň wekilleri ýokanç keseller hassahanasynda boldy. Ol ýere öňünden çagalar hassahanasyndan çagalary alyp bardylar, ol ýerde öňküsi ýaly çagalaryň bardygyny we karantiniň ýokdugyny görkezmek üçin" diýip habarçymyz 9-njy iýulda aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda saparda ýören BSG-niň wekilleri bilen entek gepleşip bilmedi.

Üstesine, habarçylarymyz BSG-niň resmileriniň şäheriň içinde hareket etmegi sebäpli ýerli häkimiýetleriň ilatyň köp üýşýän ýerlerine gözegçiligi güýçlendirendigini we bazarlary ýapýandygyny habar berýärler.

"Günüň ikinji ýarymynda gök bazaryň ýapylmagyna garaşylýar, sebäbi golaýdaky köprüden BSG-niň missiýasy Farap gümrükhanasyna geçip gitmeli" diýip, habarçymyz 9-njy iýulda irden habar berdi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçylarymyz COVID-19 keseliniň alamatlary bilen kesellänlere degişli täze ýagdaýlar barada habar berdiler.

"Respublikan aýdym-saz mekdebinde üç mugallym keselledi. Biri pnewmoniýadan ýogaldy. Ol 63 ýaşyndady" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 9-njy iýulda habar berdi. Şeýle-de ol, mugallymlaryň we okuwçylaryň keselländigi sebäpli paýtagtdaky tans mekdebiniň ýapylýandygyny habar berýär.

 

BSG-niň missiýasynyň ýurda baran ilkinji gününden başlap Turkmenistan häkimiýetleri ilata maska geýmek talabyny girizdi. Jemgyýetçilik transportynyň sürüjileri, taksi sürüjileri, köçelerdäki polisiýa we bazarlarda hem dükanlarda satyjylar tizden-tiz maska geýmeli edildi.

Ondan öň iş ýerlerinde maska geýmek talaby soňky aýda diňe saglyk işgärlerine we käbir döwlet edaralarynyň işgärlerine degişli bolupdy.

Sürüjileriň sözlerine görä, häzir bu talabyň ýerine ýetirilişine güýçli gözegçilik edilýär.

"Awtobus sürüjileri maska geýmäge mejbur edilýär. Hiç kime maskasyz ýola çykmaga rugsat berilmejekdigi duýdurdylar. Döwlet taksi sürüjilerine hem maskasyz işe çykmaly däldigi aýdyldy" - diýip, habarçymyz sürüjilere salgylanyp habar berýär.

Maskalary adaty ýaşaýjylar hem dakýarlar. Aşgabadyň köçelerinde maskaly adam köpelýär. Emma adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde maskaly adam az bolýar.

Habarçymyz şu günler bankomatlaryň öňünde puluny nagtlaşdyrmak tamasy bilen baran adamlaryň uly nobatlaryndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär: "Ägirt uly nobatlar bankomatlaryň öňünde. Meniň çaklamama görä, nobatda bir-birine gysylyp duran adamlaryň 90 prosenti maskasyz".

Şu günler Maryda ilatyň maska dakynmak meselesine garaýşy gapma-garşy.

"Şu günki gün ýol gözegçilik polisiýasy, awtobus sürüjileri, saglyk işgärleri maskaly, emma adaty raýatlar maska dakynmaýalar. Ýaşaýjylar näme etjegini bilmeýärler, sebäbi geçen hepdede maska dakynmak gadagandy, indi bolsa birden rugsat berildi. Resmiler halka oýnaýarlar" diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz aýdýar.

Garaşsyz “turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, Daşoguz şäherinde köpçülik ýerlerinde we ulaglarda maska geýýänleriň sany köpelipdir, emma regionda antiseptikler ýetmezçilik edýär.

Şu günler ýurtda maskalaryň ýetmezçiligi hem duýulýar. Dermanhanalarda maskalar bir satuwda peýda bolýar, bir ýitýär. Elden satylýan maskalarynyň bahasy ortaça 5-15 manat.

Lebap welaýatynda lukmanlar maskalaryň we ellikleriň ýetmezçiligi barada aýdýarlar.

"Keselhanalarda maskalar we ellikler zyňylmaýar, ýöne gipohlorid ergini bilen bejerilýär we gaýtadan ulanylýar. Lukmanlaryň sözlerine görä, maskalar we ellikler ýeterlik däl, käwagt olary öz hasabyna satyn almaga mejbur bolýarlar. Ellikleriň bahasy ortaça 15 manat. Dermanhanalarda maska ýok. Hassahanalara maska bermeýärler. Indi hassalardan dermanlar bilen birlikde ellik we maska getirmegi hem talap edýärler. Maska we ellik getirmedik hassalalardan ortaça 20 manat tölemegi soraýalar" diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz aýdýar.

 

Türkmenistanyň häkimiýetleri öz territoriýasynda koronawirusy inkär edip, global pandemiýanyň başyndan bäri ilata maska geýmegi, dermanhanalara bolsa olary ilata satmagy gadagan edipdiler. Dilden edilen bu gadaganlyk sebäpli köpçülik ýerlerde maska geýen adamlar jerimä duçar boldular. Mundan başga-da, häkimiýetler lukmanlara koronawirus barada geplemegi, ilata bu keseli agzamagy we mekdep okuwçylaryna özlerini erbet duýmakdan zeýrenmegi gadagan etdiler.

8-nji iýulda agşam Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ilkinji gezek global koronawirus pandemiýasyny agzady. "Watan" gepleşiginde Türkmenistanyň COVID-19 keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda üstünlikli çemeleşýändigi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygy aýdyldy.

Şol gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi beýanat çap edip, COVID-19-yň ýurda aralaşmagynyň ähtimallygyny gytaklaýyn belledi. Resmi beýannamada BSG-niň Baş müdirine halkara alymlary tarapyndan ýazylan we uzak wagtlap howada saklanýan kiçijik aerozol damjalary arkaly täze koronawirusyň ýaýramagynyň mümkindigini tassyklaýan ylmy gözlegleriň netijeleri barada açyk hatyna salgylanyp, Türkmenistanyň hem bu ylmy netijeleri goldaýandygy aýdyldy.

"Adam saglygy üçin howply jysymleriň, şol sanda wiruslaryň howa akymlary bilen Merkezi Aziýanyň duýgur ekologiki gurşawynda bir ýerde başga ýere geçip biljegini" türkmen alymlarynyň hem tassyklaýandygy DIM-niň resmi magumatynda bellendi.

Bu aralykda Fransiýanyň gurluşyk kompaniýasy Bouygues Aşgabatdan Türkiýä daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärlerini we beýleki daşary ýurtlylary alyp gitmek üçin çarter uçuşyny guraýar. Turkmen.news neşriniň habaryna görä, uçaryň anna güni, 10-njy iýulda Türkiýä ugramagy planlaşdyrylýar. Uçarda 150 adamyň gitmegine, şol sanda 7-8-nji iýul gijesinde Aşgabatda aradan çykan Türkiýäniň ilçihanasynyň dini geňeşçisi Kemal Uçkunyň öz ýurduna äkidilmegine garaşylýar.

Gyzzyrma, dem gysma bilen diplomat 27-nji iýunda Aşgabadyň kardiologiýa merkezine düşen türk diplomat, şol ýerde birnäçe günden soň aradan çykdy. onuň pnewmoniýadan ýogalandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda bir aý wagt bäri möwç alýan pnewmoniýany hem agamaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Как клиенту сделать грузоперевозку выгоднее: советы «Грузовичкоф»

МВД предложило оборудовать детские лагеря укрытиями от беспилотников

МО Польши заявило о гибели испанского солдата на международных учениях НАТО

Музыкальные новости

Дистрибьюция Музыки. Дистрибьюция Музыки в России. Дистрибьюция музыки в вк. Яндекс музыка дистрибьюция. Цифровая дистрибьюция музыка. Дистрибьюция музыки под ключ.

Команда АО "Желдорреммаш" стала призером СпортЛиги ТМХ

В Музее Победы состоялась премьера фильма «Маршал Аганов». Судьбу инженера Победы экранизировали. Фото. Видео

Концерт «Юрий Башмет, Константин Хабенский, ансамбль «Солисты Москвы». К. Сен-Санс «Карнавал животных»

Новости России

Opinion: на юбилей высадки союзников в Нормандии могут приехать Обама и Трамп

Советский фонд мира избрал нового президента

Экономист Щербаченко напомнил об увеличении будущей пенсии за счет маткапитала

Эксперт Кулаков: ужесточение условий льготной ипотеки — вполне ожидаемое решение

Экология в России и мире

Самые нежные образы на эту весну

Подводные камни корпоративных поздравлений и как их обойти

Всероссийский субботник пройдет на территории сервисного локомотивного депо «Москва-Сортировочная» 27 апреля!

Новые коллекции Fightelement и Efremov

Спорт в России и мире

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой

Елена Рыбакина рассказала о проблемах со здоровьем

Рыбакина приблизилась к первой ракетке мира

Озвучены шансы Елены Рыбакиной на победу над лучшей теннисисткой мира

Moscow.media

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Всероссийский субботник пройдет на территории сервисного локомотивного депо «Москва-Сортировочная» 27 апреля!

Новый горный электровелосипед ADO DECE 300С уже в России

Озеро Танцующих Хариусов











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Эксперт Кулаков: ужесточение условий льготной ипотеки — вполне ожидаемое решение

Мао Цзэдун имел в 1958 году грандиозные планы

«Ростелеком» представил журналистам умную систему, которая обезопасит двор и жителей дома

ФОК планируют построить в Косино-Ухтомском