Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka 4-nji iýunda hökümetiň täze düzümi barada karar kabul edende, "Belarusyň iň möhüm üstünliklerinden biri parahatçylyk we durnuklylyk, ýöne käbirleri muny ýatdan çykarýar" diýdi. Bu barada Belarus ýolbaşçysynyň metbugat gullugy habar berdi.
Lukaşenka Belarusyň post-sowet giňişliginde gam-hasrat görmedik ýeke-täkýurtdugyny aýtdy.
“Käbir belaruslylar üçin Ukraina uzak bir ýerde weýran edilen ýaly, ol ýerde söweş barýar, territoriýanyň bir bölegi kesilip aýrylana çalym edýär. Parçalanan Moldowa bolsa, Pridnestrowýeden wegünbatar bölekden durýar.Gorbaçýow döwründe, sowet ýyllarynda garaşsyzlygy we özygtyýarlylygy goramak üçin Litwada nähili söweşendiklerini ýatdan çykardylar” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.
“Kawkazyň henizem ot içinde ýanýandygyny, ermenileriň azerbaýjanlylar bilen söweşýändigini, olaryň oňşup bilmeýändigini ýatdan çykardylar. Gürjüstanyň territoriýasynyň üçden bir bölegini - ilki Abhaziýany, soňra Günorta Osetiýany ýitirendigini ýatdan çykardylar. Ahyrynda, meniň dostum Rahmonyň, tertip-düzgüni dikeltmek üçin, pulemýot bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbä nädip girendigini, ol ýerde näçe adamyň ölendigini, sakgally adamlar bilen nähili göreşendigini hiç kim bilenok. Öňki prezident Kerimowyň Andijanda müňlerçe adamy atyp, agdarylyşygy nädip basyp ýatyrandygyny ýatdan çykardylar. Hemmeler ony ýazgardy, ýöne ölende, dyza çöküp agladylar. Biz muny başdan geçirmedik, şonuň üçin käbirleri muňa düşünmek islemeýär. Beýle bolsa, ine, şeýdip ýatlaýarys"-diýip, Aleksandr Lukaşenka aýtdy.
Aleksandr Lukaşenka geljekki prezident saýlawlaryndan iki aý öň Belarus hökümetini dargatdy. 4-nji iýunda ol Döwlet harby-senagat komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Roman Golowçenkony täze premýer-ministr edip belledi.