Средний размер выданных в РФ микрозаймов увеличился на 2,3% в марте

Профессию лесничего представили на профориентационном квесте в Воскресенске

В Королеве свыше 100 дворов привели в порядок сотрудники управляющей компании

Из-за песчаной бури небо Ливии окрасилось в красно-оранжевый цвет



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?

Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?

Okuw ýylynyň soňunda bilim resmileri Aşgabadyň mekdep ýolbaşçylaryndan okuwçylaryň ahlak taýdan terbiýesine ünsi güýçlendirmegi talap etdiler. Maý aýynyň ikinji ýarymynda bu mesele paýtagtyň bilim edarasynda mekdepleriň müdirleri we bilim boýunça ýolbaşçylary üçin geçirlen ýygnaklarda yzygiderli maslahat edilipdir. Okuwçylaryň ahlak terbiýesi barada ýygnaklar paýtagtda we welaýatlarda ene-atalar üçin hem geçirilipdir.

Paýtagtyň mekdep ýolbaşçylary üçin geçirlen ýygnaklardaky esasy temalaryň biri okuwçylaryň seksual aktiwligine degişli bolupdyr. Şol sanda gyz okuwçylaryň göwreli bolmagy problemasy gozgalypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Aşgabadyň bilim edaralarynyň resmileri gürrüň beripdir. Adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüňdeş bolan çeşmämiz paýtagtda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly azyndan 7 ýagdaý ýüze çykypdyr. Munuň bilen baglylykda mekdep ýolbaşçylaryna okuwçylaryň ahlak meselesine ünsi güýçlendirmek talap edilipdir.

"Ýokary klass okuwçylaryň göwreli bolmagy uly täsir döredipdir, sekizinji klassda okaýanlar hem bar. Bu barada Bilim ministrligindäki maslahatlarda köp gürrüň edildi. Şu ýyl soňky jaň dabarasynyň ýatyrylmagynyň bir sebäbi şunuň bilen hem bagly. 25-nji we 26-njy maýda kafeler ýapyk boldy. Emma olar kwartiralarda we hususy öýlerde bellediler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 3-nji iýunda gürrüň berdi.   

Okuwçylaryň ahlak häsiýetine degişli ýygnaklar welaýatlarda hem geçirilýär.  Habarçylarymyzyň sözlerine görä, Maryda we Lebapda ýygnaklarda ene-atalardan gyz okuwçylaryň mekdepden soň ene-atasyz köçä çykmazlygyny we telefonlara ulanmazlygyny talap edýärler. Gyzlaryň ahlak kemçilikleri barada aýdyp, okuwçylaryň göwreli bolmagy meselesini gozgaýarlar, şeýle-de çilim çekmek we alkogol içmek ýaly problemany gozgaýarlar. Aýratyn üns gyzlaryň daş-keşbine, geýimine berilýär. Ene-atalardan gyzlaryň dar köýnek geýmezligi talap edilipdir. 

Hususan-da, Marydaky mekdeplerde ene-atalara täze okuw ýylynda gyzlaryň mekdebe geýjek köýnekleriniň giň, ýanly, uzyn ýeňli bolup, boýnuny hem ýapyp durmalydygyny duýdurdylar.

Azatlyk Radiosynyň welaýatlardaky habarçylary hem, ýerlerdäki bilim resmileriniň aladalarynyň okuwçylaryň arasynda ten satmak, göwreli bolmak, zorlanmak ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen hem baglydygyny aýdýarlar.      

"Lebap welaýatynda we Türkmenabat şäherinde bu uly bir mesele. 8-11-nji klass okuwçylaryň göwreli bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Bir okuwçynyň göwreli bolmagy bilen baglylykda birnäçe erkek adamlaryň tussag edilen ýagdaýlary hem boldy, sebäbi şol bir gyz birnäçe adam bilen jynsy gatnaşyk saklapdyr. Şeýle-de, göwreli bolan gyza öýlenmegi wada beren adamlaryň tussaglykdan boşadylan halatlary hem boldy" diýip, Lebapdaky habarçymyz 3-nji iýunda habar berdi.

Bu aralykda Maryda mekdep okuwçy gyzlary ýygy-ýygyndan ginekologiýa barlagyndan geçmek üçin ugradýarlar, ýaş mugallymlardan bolsa, okuwçylar bilen seresaply gürleşmegi talap edýärler.      

"10-11-nji klasslaryň okuwçylary ýygy-ýygyndan ginekologiýa barlagyndan geçýärler. Gyzlaryň öýlerinden gaçyp gidýän ýagdaýlary hem bolýar. Mekdeplerde gürrüňdeşlik geçirip, olardan sapaklarda we okuwçylar bilen söhbetdeşlikde iňňän seresaply bolmagy talap edýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 3-nji iýunda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Marydaky habarçylary soňky wagtda mekdep okuwçylarynyň ten satmak bilen meşgullanmagy ýaly ýagdaýlaryň köpelendigini aýdýarlar. Bu problema-da, mekdeplerde okuwçylaryň ahlak terbiýesine ünsüň artdyrylmagyna sebäp bolan ýagdaýlaryň ýene biri.   

Habarçylaryň sözlerine görä, ýerli ilat okuwçylaryň ten atmak işine baş goşmagyny diňe bir ahlak kemçiligi bilen däl, eýsem ykdysady sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar.

"Käbir ten satmak bilen öz maşgalasynyň maddy mümkinçiliginden has gowy ýaşamak isleýärler, özleriniň has gurply boýdaşlaryndan kem görünmejek bolýarlar" diýip Marydaky habarçymyz aýdýar. 

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde, okuwçylardan toý-dabaralar, baýdaklar, prezidentiň portretleri, abatlaýyş we arassaçylyk işleri ýaly maksatlar üçin ýygy-ýygydan ýygnalýan puluň möçberi köp maşgalalaryň maddy mümkinçiliginden aşa bolýar.   

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda ýetginjek ýaşyna ýetmedik gazlar jenaýatçy toparlaryň hem toruna düşýär.

"Türkmenistanda ýaşlaryň internetdäki pornografiýa sebäpli ahlagy bozulýar diýlen bahasy bilen interneti doly petiklediler. Indi pornografiýa olara elýeterli däl, emma ten satmaklyk azalmady. Häzir Tükmenabatda ýörite öýler bar, şol ýerde okuwçylar hem tenini satýarlar. Polisiýanyň mundan habarsyzdygyna hiç kim ynanmaýar" diýip, habarçymyz aýdýar.  

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, okuwçy gyzlaryň ten satmak işine baş goşmagynyň pajygaly ýagdaýlara sebäp bolýar. Maý aýynyň başynda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň №15 mekdebiniň 10 klas okuwçysynyň öz janyna kast etmek üçin dördünji batdan özüne oklar, agyr ýagdaýda keselhanada galýandygyny habar beripdi.

3-nji iýunda Azatlygyň habarçysy şol bolan waka degişli goşmaça maglumat berdi: Aşgabatda gürrüň edilýän ýagdaýlaryň biri 15-nji mekdepde okuwçy gyzlaryň jenaýat toparyny döretmegi, olar priton döredipdir. Aýdylyşyna görä, gyzlar jaýy kireýe alyp, müşderiler we pornografiýany wideo düşürmek bilen priton döredipdir. Ony gurnan gyzyň bikanun hyzmatlardan peýdalanyp çagasyny düşürensoň, 4-nji gatdan özüni oklapdyr. Ol gurply maşgalanyň çagasy. Ol diri galdy we beýlekileriň eden zatlaryny gürrüň berdi". Azatlyk Radiosy bu gyzyň adyny agzamakdan saklanýar. 

Mundan başda, Aşgabadyň Türkmenistandaky habarçylary orta mekdeplerde kiçi klass çagalaryň ulular tarapyndan zorlanmagy bilen bagly barlaglaryň geçirlendigini maýy aýynyň başynda habar beripdi.

"Medisina barlaglarynyň dowamynda mekdeplerde oglan çagalary barladylar. Oglanlaryň arkasyny we budlaryny barladylar, sebäbi çaglaryň uly klass okuwçylary tarapyndan zorlanmagyna degişli ýagdaýlar boldy" diýip, habarçymyz Aşgabadyň mekdep işgärlerine salgylanyp, 7-nji maýda habar berýär. Onuň sözlerine çagalaryň seksual zorluga sezewar bolmagyna degişli ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysyna welaýatda golaýda bolan ýagdaýlaryň biri mälim boldy: "Kiçi klasslarda okaýan oglan çaga mekdebe gitmejegini aýdypdyr. Ejesi sebäbini biljek bolanda ol başda aýtmandyr, soňra gürrüň beripdir. Ol her gezek mekdepden çykanda ony geýnüwli bir adam garşy alyp, dükandan islän zadyny satyn alyp beripdir, soň çagany öwrenişdirip, ony zorlapdyr. Şonuň üçin oglanyň mekdebe gidesi gelmändir. Aýdylşyna görä, ol adamy sakladylar" diýip, habarçymyz gürrüň berýär. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi mekdeplerde ýüze çykýan okuwçylaryň seksual problemalary baradaky ýagdaýlary kommentrlemeýär. Döwlet mediasy problemalary gozgamaýar.    

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaşlaryň ahlak terbiýesine 2018-nji başynda ünsi güýçlendiripdi. Şonda döwlet telewideniýesinde we kinofilmlerde seksual sahnalary, zorlugy we erbet endikleri görkezmegi gadagan edýän kanun çykypdy. Şeýle-de şol kanunda ýurduň "oňyn obrazyny" döretmek göz öňünde tutulýar. Şondan soň ýurduň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlamak we pornografiýa degişli maglumatlary gözläp tapmak boýunça çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynda mekdep okuwçylaryna agşam sagat onda soň köçä çykman gadagan edildi.  

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ОДКБ в полном объеме сохраняет свои обязательства перед Ереваном - генсек

Медитация и планы на праздники: как без стресса пережить шестидневную рабочую неделю

УФАС по Подмосковью включило ООО «Миракс» в реестр недобросовестных поставщиков

Станцию метро "Спортивная" в Новосибирске могут открыть до сентября

Музыкальные новости

Анна Пересильд, Леон Кемстач, Светлана Иванова, Яна Чурикова, Саша Стоун и другие гости «белой вечеринки» в рамках ММКФ

«Мистер Икс». Состав исполнителей

Президент Азербайджана Ильхам Алиев прибыл в Москву по приглашению Путина

Бакинское время Москвы // Ильхам Алиев летит к Владимиру Путину искать общие ответы на внешние вызовы

Новости России

Новую трикотажную фабрику запустили в Подольске

Участника организации теракта в «Крокус Сити Холл» оставили под стражей

Политолог Марков: бывшая жена могла стать причиной задержания замминистра Иванова

Матвиенко: укрупнение регионов — не самоцель, а вопрос эффективности России

Экология в России и мире

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли традиционные весенние общезаводские субботники

Россияне начали платить по 3 тысячи рублей за туры на бархатный сезон в Турции

«Блюдо дня» от шеф-повара

Марка «Ревилайн» представила новые мануальные зубные щетки S 6000 Slim

Спорт в России и мире

Легенда тенниса рассказал, готов ли он опять стать тренером Джоковича

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой

П’ять українок отримали суперниць в основі турніру WTA 1000 в Мадриді: результат жеребкування

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA

Moscow.media

Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области, который тренирует юных тхэквондистов.

Япония потребовала от Google исправить ограничения в рекламе

В Черноморском районе Крыма военные следователи провели рейд по бывшим мигрантам

Неудержимые 2. Альянс (окончание)











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Медитация и планы на праздники: как без стресса пережить шестидневную рабочую неделю

На майские праздники ввели дополнительные «Ласточки» Москва – Иваново – Москва

Станцию метро "Спортивная" в Новосибирске могут открыть до сентября

Новую трикотажную фабрику запустили в Подольске