Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlarda garaýagyz adamyň polisiýada saklanan wagtynda ýogalmagy sebäpli dörän durnuksyzlygy duruzmak üçin goşun ibermek barada haýbat atdy.
Tramp 1-nji iýunda eden çykyşynda, häkimler “köçelerde agdyklyk etmek” üçin Milli gwardiýany ýeterlik mukdarda ýerleşdirmek baradaky teklibini ýerine ýetirmese, ABŞ-nyň harby güýçlerini iberjekdigini aýtdy.
Birleşen Ştatlarda prezident ABŞ-nyň goşunyny raýat urşy döwründäki Gozgalaň kanuny boýunça köçelerde ýerleşdirip bilýär. Bu kanun adatdan daşary ýagdaýlarda işjeň harby güýçleri kanun goraýjy maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de Tramp afrikan asylly amerikan Jorj Floýdyň (George Floyd) 25-nji maýda Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde tussag edilende aradan çykmagy sebäpli 31-nji maýda Waşingtonda we ýurduň beýleki ýerlerinde emele gelen wandalizm barada gynanç bildirdi.
Bu waka Floýdyň maşgalasy üçin geçirilen jesediň medisina hasabatynda onuň ölümine bogulmanyň sebäp bolandygy barada netije çykarylandan birnäçe sagat soň bolup geçdi.