Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň bir topary 29-njy maýda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde nobatdaky protest aksiýasyny geçirdi.
Sosial mediada çap edilen wideoda onlarça türkmenistanlynyň türkmen häkimiýetlerine, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy şygarlara gygyryşy, ýurtda emele gelen agyr ykdysady şertlerden nägilelik bildirişleri görünýär.
Protestçiler häkimiýet wekilleriniň öňlerini almak üçin eden synanyşyklaryna gaýtawul berip, özleriniň geçip gitjekdiklerini aýtdylar.
Şeýle-de, gysga wideoda çärä gatnaşyjylaryň “Islämizok, Gurbanguly, ýok bol”, “Ynsanlary bitirdi, güm bol, diktator, Owganystanyň halkyna kömek edýär, öz halkyny doýursyn” diýen sözleri eşidilýär.
Nobatdaky protest çäresi Lebapda we Maryda gopan güýçli harasatyň bir aýlygynyň yz ýanyndan guraldy.
Mundan öň Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we beýleki ýurtlarda, türkmen häkimiýetleriniň harasatdan ejir çekenlere goldaw bermezligi, şeýle-de ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly guralan protest çärelerinde hem türkmen hökümetinden nägilelik bildirildi.